Turkmenportal logo
13.03.25
2885828858
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynda türk diplomaty bilen duşuşyk geçirildi
Surat: germany.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow bilen Türkiýe Respublikasynyň Berlindäki täze ilçisi Gökhan Turanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasy habar berdi.


Tanyşlyk maksady bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini belläp geçdiler. Iki döwletiň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy kökleriniň bardygy aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, söhbetdeşler halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


Ilçiler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.