Turkmenportal logo
09.03.25
2072220722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bakuwda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde çäre gurady.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylym işgärleri we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.


Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň çäginde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Habarda bellenilişi ýaly, çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Duşuşyga gatnaşyjylar kitabyň mazmuny bilen tanyşdylar we türkmen halkyny agzybirlige çagyrýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hem-de taryhy maglumatlara ýokary baha berdiler.