Turkmenportal logo
06.03.25
3611136111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary «Ýylyň talyby – 2024» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaýymow Gazagystanda geçirilen «Ýylyň talyby – 2024» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.


Bäsleşik "National Academy of Scientific and Innovative Research" (NAcSIR) tarapyndan gurnaldy. Bu çärä Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.