Turkmenportal logo
05.03.25
2653426534
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-niň parahatçylyk we urşy hatyralamak hakyndaky kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi

Türkmenistan halkara howpsuzlygyny berkitmäge we Ikinji jahan urşunyň taryhy hatyrasyny goramaga gönükdirilen kararnamanyň awtordaşlarynyň biri boldy.


BMG-niň mejlisinde ses bermezden kabul edilen resminama gatnaşyjy ýurtlary dünýäde bar bolan howplara garşy göreşmekde we halkara dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekde birleşmäge çagyrýar – diýip, BMG-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Kararnamanyň esasy düzgünleri BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmek baradaky çagyryşy we halkara gatnaşyklarynda güýç görkezmek howpundan gaça durmagy öz içine alýar.


Şeýle hem kararnamada 2025-nji ýylyň maý aýynda urşuň pidalaryny hatyralamak bilen Baş Assambleýanyň dabaraly mejlisiniň geçirilmegi teklip edilýär.


Resminamanyň awtordaşlary bolup Türkmenistandan başga-da Russiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletler çykyş etdiler.