Turkmenportal logo
01.03.25
1562415624
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkyny Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Goňşy ýurduň Baştutany iberen hatynda öz kärdeşini we ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli gutlaýar.


Oraza aýy tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes, sahawatly aý hasaplanýar. Mübärek Oraza aýy dinimiziň, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, rehim-şepagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk ýaly gymmatlyklaryň dabaralanýan aýydyr. Biz halklarymyzyň bu mukaddes baýramy agzybirlikde, ylalaşyklylykda, özara düşünişmekde garşylaýandyklary üçin Beýik Biribara şükür edýäris — diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen metbugatynda çap edilen hatynda ýazýar.


Özbek Lideri:


Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň giňelýändigine, birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň oňyn netijelerini berýändigine tüýs ýürekden guwanýarys — diýip belleýär.