Turkmenportal logo
19.02.25
3367533675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan Türkmenistanyň ýaşlaryny ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly okuwa çagyrýar

Hindistanyň hökümeti ICCR talyp haklary maksatnamasy arkaly Hindistanyň abraýly uniwersitetlerinde/institutlarynda okamak isleýän türkmen ýaş raýatlaryna talyp hakly okuwy hödürleýär. Bu talyp haklary 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr, aspirantura we doktorantura (PhD) maksatnamalary üçin elýeterlidir. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.


Ýüz tutmalar https://a2ascholarships.iccr.gov.in salgysy boýunça ICCR A2A talyp haklary portaly arkaly onlaýn kabul edilýär, ol 2025-nji ýylyň 20-nji fewralynda işe başlar.


Türkmenistanyň ýaşlary üçin niýetlenen talyp haklary maksatnamasynyň çäklerinde Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak mümkinçiligi berilýär.