Turkmenportal logo
13.02.25
2295722957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Torpedo-BelAZ» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýewi düzümine goşdy
«Torpedo-BelAZ» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýewi düzümine goşdy

Belarus Respublikasynyň «Torpedo-BelAZ» futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 24 ýaşly ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.


T.Çaryýew professional karýerasyna 18 ýaşynda Türkmenistanyň «Energetik» toparynda başlady. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde Aziýa çempionatyna gatnaşyp, Eýran bilen oýunda uzakdan geçiren goly arkaly toparyna taryhy ýeňşi (2:1) gazandyrdy.


T.Çaryýew esasy üstünliklerini Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynyň düzüminde gazandy. Ol bu toparyň düzüminde iki möwsüm oýnap, 65 duşuşykda meýdança çykdy, 7 gol urdy hem-de 8 gezek golly pas bedi. Şeýle-de «Abdyş-Ata» bilen iki gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy.


22 ýaşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde debýut etdi. Şu wagta çenli milli ýygyndynyň lybasynda 9 oýun oýnan Teýmur 1 gezek (Bahreýn bilen oýunda) tapawutlandy.


«Transfermarkt» portaly oýunçynyň transfer bahasyny 300 müň ýewro möçberinde bahalaýar.


«Torpedo-BelAZ» toparyna hoş geldiň, Teýmur! Goý, seniň zehiniň we başarnygyň Belarusda has-da açylyp, toparymyzyň öňünde goýlan maksatlaryna ýetmegine ýardam etsin!» diýlip, toparyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.