Turkmenportal logo
12.02.25
3487734877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Türkmenistandan ýolagçylar üçin üç sany ýörite nyrh teklibini ýatladýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin meşhur ugurlara ýörite nyrhlaryň hödürlenýändigini ýatladýar.


1. Aşgabat – Stambul – Moskwa gatnawy üçin ýörite nyrh:


Awiakompaniýa bu ugur boýunça biletleri özüne çekiji bahadan – ABŞ-nyň 382 dollaryndan hödürleýär.


Bronlamagyň möhleti: 2025-nji ýylyň 1-nji martyna çenli.


Syýahat döwri: 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli.


2. Stambul – Aşgabat gatnawy üçin ýörite nyrh teklibi:


Stambuldan Aşgabat şäherine syýahat etmegi meýilleşdirýänler üçin «Turkish Airlines» bir tarapa 331 dollardan başlaýan bahalardan biletleri hödürleýär. Stambula dolanmagy meýilleşdirýän syýahatçylar üçin bolsa iki tarapa ABŞ-nyň 598 dollaryndan başlaýan bahalardan amatly nyrhlar hödürlenýär.


Bronlamagyň möhleti: 2025-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli.


Syýahat döwri: 2025-nji ýylyň 24-nji martyna çenli.


3. Söýgüliler güni üçin aksiýa: ýörite bahadan Stambula iki adamlyk syýahat!


«Turkish Airlines» Stambulda Söýgüliler gününi bellemek üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Ýörite teklip esasynda Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça iki bilet bary-ýogy ABŞ-nyň 796 dollaryndan hödürlenýär.


Bahasy: iki bilet üçin ABŞ-nyň 796 dollary.


Ugry: Aşgabat – Stambul – Aşgabat.


Bronlamagyň möhleti: 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwary – 17-nji fewraly aralygy.


Syýahat döwri: 2025-nji ýylyň 3-nji fewraly – 17-nji marty aralygy.


«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň amatly tekliplerinden peýdalanmak we arzuwlaryňyzdaky syýahata çykmak mümkinçiligini elden gidirmäň!


Habarlaşmak üçin maglumatlar:


  • salgysy: G. Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • e-mail: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt: turkishairlines.com.