Turkmenportal logo
10.02.25
2016320163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanda sil joşgunlary sebäpli halas ediş nokatlary döredilýär
Surat: report.az

Gazagystanyň günbatarynda sil joşgunlarynyň döremek töwekgelçiligi sebäpli, 2 müň adamy göçürmek üçin 28 sany ýörite ýerleri taýýarlaýarlar. Bu barada «Tengrinews» neşirine salgylanýan «Report» habar berdi.


Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Günbatar-Gazagystan, Garaganda, Akmola, Demirgazyk-Gazagystan we Gündogar Gazagystan oblastlaryny sil basmak töwekgelçiligi bar.


2024-nji ýylyň ýazynda güýçli sil joşgunlary ýurduň ýedi ülkesini basdy.