Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag onuň gurluşynda we bezeg aýratynlyklarynda häzirki zaman önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, binalaryň we desgalaryň uzakmöhletleýinlik talaplaryna, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi, olaryň her bir desganyň ähmiýetine laýyk gelýän keşbiniň bolmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Aýratyn-da, täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň esasyny goýan täze şäheriň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralary geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi we dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Şeýle hem merkeziň çäklerinde guruljak desgalarda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly özboluşlylyk beýanyny tapmalydyr. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi, ösüp gelýän ýaş nesillerde paýhasly pederleriň şöhratly taryhyna bolan söýgini artdyrar.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň we ekologiýa ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişliginde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Gahryman Arkadaga täze şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň we täze şäheriň seýilgählerinde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadag täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanyş derejesine birnäçe bellikler aýdyldy we degişli düzedişler girizildi. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşyk, toplumlaryň enjamlaşdyrylyş we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli möhüm wezipeleri kesgitledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanynyň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede saklanýandygyny habar berdi.
Gahryman Arkadag häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologiýa derejesiniň birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde degişli ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda häzirki zaman tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagyna, tehnikalara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, Halkara zenanlar güni ýokary derejede giňden geçirilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi.
