Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine öz ýurdunda ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito we Premýer-ministr Sigeru Isiba iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu dialogyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, sebit çäklerinde hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýdança bolup durýandygyny belläp, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
– Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprel aýynda «EKSPO-2025» bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Bütindünýä sergisiniň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite Guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Akihisa Nagaşima Ýaponiýada Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu sergä gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ozal ýapon wekiliýetiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilendigini habar beripdik. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda hem ýapon wekiliýetiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
