Turkmenportal logo
24.01.25
1195411954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Los-Anjelesde ýene tokaý ýangynlary tutaşdy
Surat: regnum.ru

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles okrugynda täze tokaý ýangynlary başlandy, ot 38 inedördül kilometri tutdy we ýaýramagyny dowam edýär. Bu barada «Reuters» habar berdi diýip, «Regnum.ru» ýazýar.


Ýangyn 22-nji ýanwarda Los-Anjelesiň demirgazygyndaky Kastaik kölüniň etrabynda başlandy. Ot güýçli şemal we gury otlluk sebäpli tiz ýaýraýar.


Los-Anjeles okrugynyň şerifi Robert Lunanyň sözlerine görä, 31 müň ýaşaýja öýlerini terk etmek, 23 müň ýaşaýja howpsuz ýerlere göçmek maslahat berildi.


Bu Kaliforniýadaky ikinji ýangyndyr, öň 7-nji ýanwarda bolan ýangyn köpsanly öýleri ýok etdi. Olaryň arasynda Golliwudyň meşhur wekilleriniň hem öýleri bar.


Ýangynyň döremeginde şübhelenip, iki adam saklandy.


Ýangyndan çekilen zyýan birnäçe ýüz milliard dollar bahalanýar.