Turkmenportal logo
21.01.25
1385613856
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy
Surat: orient.tm

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Baş prokurory Issa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşdy.


Duşuşygyň başynda ilçi 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada gürrüň berdi.


Duşuşykda taraplar degişli ugurda ozal gazanylan Ylalaşygyň çäginde alnyp barylýan işleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.