Turkmenportal logo
19.01.25
3252932529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Astanada geçirilen IZhO-2025 olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 13-17-nji ýanwar aralygynda Astanada geçirilen matematika, fizika we informatika boýunça «IZhO-2025» XXI Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.


Türkmen toparyna 5 mugallymyň ýolbaşçylygynda 21 sany mekdep okuwçysy girdi: matematika mugallymlary Pälwan Agamyradow, Myrat Sapaýew, Resul Myradow, fizika mugallymy Berdimyrat Çaryýew we informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, olimpiadanyň netijelerine görä, türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.


Medallary gazananlaryň sanawy bilen tanyşdyrýarys:


Matematika boýunça:


• Hamza Allaberdiýew (Aşgabat şäheriniň 135-nji iňlis dili çuňlaşdyrylyp okadylýan orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy) – altyn medal;
• Agamyradow Rahym (Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa çuňlaşdyrylyp okadylýan 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy) – kümüş medal;
• Maksat Babageldiýew (Aşgabat şäheriniň 135-nji iňlis dili çuňlaşdyrylyp okadylýan orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy) – kümüş medal;
• Akmyradow Begenç (Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili çuňlaşdyrylyp okadylýan 49-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – kümüş medal;
• Meýlismyradow Mälikşa (Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa çuňlaşdyrylyp okadylýan 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal;
• Hojanyýazow Sanjar (Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa çuňlaşdyrylyp okadylýan 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal;
• Işanmyradow Begli (Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa çuňlaşdyrylyp okadylýan 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal;
• Ruslanow Myrat (Aşgabat şäheriniň diller çuňlaşdyrylyp okadylýan 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy) – bürünç medal;
• Hudaýberenow Hudaýguly (Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal;
Fizika boýunça:
• Nyryýew Jumadurdy (Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy) – altyn medal;
• Annamyradow Döwlet (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy) – kümüş medal.


Informatika boýunça:


Amanmyradow Yhlas (Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa çuňlaşdyrylyp okadylýan 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy) – bürünç medal.