Turkmenportal logo
13.01.25
2862628626
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Saud Arabystanynyň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly Ylalaşyga gol çekildi
Surat: mfa.gov.tm

12 — 14-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahat we sergi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen tarapyndan maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.



Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini dowam edýär diýlip, habarda bellenilýär.