Turkmenportal logo
11.01.25
2175921759
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde çipleriň satuwy geçen noýabrda rekord derejä ýetdi
Surat: inbusiness.kz

Geçen ýylyň noýabrynda dünýäde çipleriň satuwy öňki ýylyň degişli aýyndakydan 20,7 göterim artyp, 57,8 mlrd dollara deň boldy. Bu barada Ýarymgeçiriji senagatyň assosiasiýasynyň (SIA) metbugat habarnamasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.


Satuwlar noýabrda Demirgazyk we Günorta Amerikada 54,9, Hytaýda 12,1 hem-de Ýaponiýada 7,4 göterim artdy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we beýleki sebitlerde 10 göterim ýokarlandy. Şunda Ýewropada çipleriň satuwy 5,7 göterim kemeldi.


SIA özünde amerikan ýarymgeçiriji pudagyň 99 hem-de beýleki döwletleriň 66 sany ýarymgeçiriji öndürijilerini jemleýär.