Turkmenportal logo
10.01.25
6634666346
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Täze ýyl sebäpli wiza resmileşdirmegi bir hepdelik togtadýar
Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Täze ýyl sebäpli wiza resmileşdirmegi bir hepdelik togtadýar

Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Täze ýyl sebäpli bir hepdelik wiza resmileşdirmek üçin arzalary kabul etmegi togtadýar. HHR-niň diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda 28-nji ýanwardan 4-nji fewrala çenli dynç alyş barada habar peýda boldy.


"Hytaý Täze ýyl baýramynyň başlanmagy mynasybetli 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndan 4-nji fewralyna çenli Ilçihananyň konsullyk bölümi resminamalary resmileşdirmek üçin arzalary kabul etmegi togtadýar. Ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys" diýip, habarda bellenilýär.


2025-nji ýylda Hytaýda Täze ýyl 29-njy ýanwarda belleniler we Täze ýyl 2026-njy ýylyň 16-njy fewralyna çenli dowam eder.