Turkmenportal logo
09.01.25
1947819478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabat pagta egriji fabriginde nah ýüplügiň 5 müň tonnadan gowragy öndürildi

Türkmenabat pagta egriji fabriginde 2024-nji ýylda 5 müň 437 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi.


«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, geçen ýylyň dowamynda bu ýerde 184 million 749 müň manatlyk iş amala aşyrylyp, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 128,2 göterim ýerine ýetirildi.


Netijede manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgini 138,7 göterime deň boldy. Degişli döwürde ýurduň dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 6 müň 344 tonnasy ugradyldy.


Kärhanada nah ýüplükleriň geçginli 20, 27, 34 belgili görnüşleri öndürilýär diýlip, habarda bellenilýär. nah ýüplükleriň geçginli 20, 27, 34 belgili görnüşleri öndürilýär diýlip, habarda bellenilýär.