Turkmenportal logo
08.01.25
1817918179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranda Ebrahim Raisiniň uçar heläkçiliginde gurban bolan güni Milli gün diýlip yglan edildi
surat: report.az

Eýranyň şol wagtky Prezidenti Ebrahim Raisiniň we daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýanyň, şeýle-de olaryň ýanyndaky resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde gurban bolan güni ýurtda milli gün – «Şehitleriň hatyrasyna doga-dileg güni» hökmünde bellener.


Bu barada EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian degişli çözgüt kabul etdi diýip, «Mehr» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.


Ýeri gelende, Ebrahim Raisiniň, Hoseýn Amir Abdollahiýanyň we olaryň ýanyndaky ýolbaşçylaryň 2024-nji ýylyň 19-njy maýynda dikuçar heläkçiliginde gurban bolandyklaryny ýatladýarys.