Turkmenportal logo
05.01.25
1449614496
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini täze ýyl bilen gutlady
Surat: Anadolu Ajansı

Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Beýan edilişi ýaly, Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI ýollan gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:


"Täze ýylyňyz gutly bolsun! Goý, täze ýyl hemmämize uly ruhubelentlik getirsin!" diýip ýazýar.