Turkmenportal logo
04.01.25
3479634796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!


Sizi ýetip gelen 2025-nji ýyl bilen gutlaýaryn.


Ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar we açyklyga, ynanyşmaga esaslanýan dialog bize raýatlarymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Täze ýylda netijeli hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrjakdygymyza, täze taslamalary durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn.


Size berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk we işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Aleksandr BEGLOW,
Sankt-Peterburgyň gubernatory (Russiýa Federasiýasy).