Turkmenportal logo
04.01.25
3226732267
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Milan" "Ýuwentus" toparyndan üstün çykyp, Italiýanyň Superkubogy finalyna çykdy

"Milan" futbol boýunça Italiýanyň Superkubogy ýaryşynyň ýarym finalynda "Ýuwentus" toparyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirilýär.


Ýeňijileriň düzüminde 71-nji minutda Kristian Pulişiç penaltiden tapawutlandy, "Ýuwentusyň" goragçysy Federiko Gatti (76-njy minut) öz derwezesine gol geçirdi. Turinly toparyň düzüminde bolsa Kenan Ýyldyz (21) tapawutlandy.


Indi "Milan" finalda "Atalanty" toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňen "Inter" bilen duşuşar. Çempionlyk ugrunda final oýny 6-njy ýanwarda geçiriler.


Italiýanyň Superkubogy ikinji gezek dört toparyň gatnaşmagynda pleý-off ulgamy boýunça geçirilýär: Ýaryşa Italiýanyň çempiony we wise-çempiony, şeýle hem ýurduň kubogynyň ýeňijisi we finalisti gatnaşýarlar.