Turkmenportal logo
03.01.25
2832128321
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş ornuny yglan etdi

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy zenan-goragçy wezipesine boş iş ornuny yglan etdi.


Fewral aýynyň başyndan başlanmaly iş şu aşakdaky wezipe-borçlary öz içine alýar:


• Ilçihananyň girelgesinde gelýänlere gözegçilik etmek we barlamak;
• Goragçy üçin degişli enjamlary ulanmak boýunça başarnygy;
• Howpsuzlyk bilen baglanyşykly gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek;
• Girelgedäki garawulyň wezipeleri, şol sanda poçtany kabul etmek we barlamak;
• Beýleki goragçyny ýa-da ilçihananyň kommutatoryndaky nobatçynyň ýerini çalyşmak.


Dalaşgärler aşakda bildirilýän talaplara laýyk gelmelidirler:


• berk jan-saglygy bolmaly, stressli halatlarda özüni durnukly alyp barmaly;
• topar bolup işlemäge taýýar bolmaly we gulluk zerurlygy ýüze çykanda çeýe iş tertibinde işlemäge razy bolmaly;
• özüni edepli alyp barmaly we tutanýerli bolmaly, öz daş keşbine üns bermeli;
• birkemsiz abraýy;
• işine wepaly, jogapkärçilikli çemeleşýän we maglumatlary ýaýratmaly däldigine düşünýän;
• nemes ýa-da iňlis dilini (A2 derejesinden pes bolmadyk) bilmeli (nemes dilini gowy bilýänligi has makullanylýar);


Boş iş orny üçin 19-njy ýanwara çenli aşakda görkezilen resminamalary goşup, ýüz tutmaly:


• Pasport suraty bilen gysga terjimehaly;
• Nemes ýa-da iňlis dilinde işe girmeklige bolan esaslandyrma haty;
• Bilimi/hünär ýokarlandyryş okuw kurslaryny tamamlandygy baradaky resminamalary;
• Soňky iş ýerlerinden häsiýetnamasy (bar bolsa);
• Hödürnama haty/ozalky iş ýerinden seslenmeler.


Ýüz tutmalar diňe elektron görnüşde (pdf formatynda, maglumatlaryň möçberi 8 Mb ýokary bolmaly däl) şu salga ibermeli: mailto:info@aschgabat.diplo.de.


Diňe doly resminamalar toplumy bolan ýüz tutmalar serediler.


Boş iş orny barada jikme-jik maglumatlar bilen ilçihananyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.