Turkmenportal logo
30.12.24
2793027930
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dürli görnüşli matalar we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 828 müň dollaryndan gowrak boldy.


Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 52 million 38 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, gaplaýyş plýonkasyny, pagta-süýümini we dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.