Turkmenportal logo
30.12.24
7239172391
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwadan Stambula we Stambulyň üsti bilen Aşgabada ýolagçylary alyp gitmegi gurnar

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 30-njy we 31-nji dekabrda Moskwa-Aşgabat ugry boýunça awiapetekleri bolan ýolagçylary alternatiw ugur boýunça Moskwa-Stambul-Aşgabat alyp gitmegi gurnaýar diýip, awiakompaniýanyň Russiýadaky Baş agenti habar berýär.


Moskwa-Stambul aralygynda başga awikompaniýanyň kömegi bilen raýatlar getiriler diýlip bellenilýär.


Ozal habar berlişi ýaly, "Türkmenistan" awiakompaniýasy 30-njy dekabrdan 31-nji ýanwara çenli Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary togtatdy.