Turkmenportal logo
28.12.24
1780417804
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maldiwler taryhda ilkinji gezek iki milliondan gowrak jahankeşde kabul etdi
Surat: mir24.tv

Maldiw adalary tamamlanyp barýan ýylda iki milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi. Bu ýurduň taryhynda rekord görkezijidir. Bu barada ada-döwletiň Jahankeşdelik ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.


Maldiwlere has köp jahankeşde Hytaýdan (260 müňden gowrak) we Russiýadan (220 müň töweregi) bardy.


Häzirki wagtda Maldiw adalarynda 174 sany şypahana açyk diýlip, habarda bellenýär.