Turkmenportal logo
26.12.24
3105331053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýokary okuw mekdebinde Erasmus+ maksatnamasynyň maglumat güni geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maksatnamasynyň maglumat güni geçirildi. Bu barada TDEI-niň saýtynda habar berildi.


Erasmus+ maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa bu maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi, şeýle-de türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin ýokary bilim ugry boýunça mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi.


Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy bilimi, hünär taýýarlygy, ýaşlary we sporty ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. Ol 2021-2027-nji ýyllary öz içine alyp, bilim ulgamynda işleýän dürli ýaşdaky adamlar üçin giň mümkinçilikleri döretmegi dowam etdirýär.


Maslahata gatnaşyjylar maksatnamanyň dürli ugurlary bilen tanyşdylar:


· Ýokary bilim ugry boýunça mümkinçilikleri artdyrmak,


· Halkara kredit hereketliligi,


· Erasmus Mundus bilelikdäki magistrlik derejesi,


· Žan Moneniň maksatnamasy.


Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Erasmus+maksatnasynyň çägindäki dürli taslamalar we talyp haklary üçin nädip ýüz tutmalydygy barada maglumat aldylar.


Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanda 2 sany täze taslamanyň işe başlajakdygyny habar beripdik.