Turkmenportal logo
26.12.24
2179621796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.