Turkmenportal logo
25.12.24
1313913139
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýsake Eke Tonga Patyşalygynyň täze Hökümet başlygy boldy
Surat: azerbaycan24.com

Aýsake Eke öňki Premýer-ministr iş başyndan gidenden soňra, Tonga Patyşalygynyň täze Hökümet başlygy boldy. Bu barada «Matangi Tonga» neşirine salgylanýan TASS ýazýar.


Habara görä, Aýsake Eke üçin deputatlaryň 24-sinden 16-sy ses berdi. Ol wezipä saýlanandan soňra: «Başlyk, men bu jogapkärçiligi öz üstüme sadyklyk bilen kabul edip alýaryn» diýdi.


2014-2017-nji ýyllarda Eke maliýe ministri, soňky ýyllarda döwlet hasaplaşyklary boýunça Wekiller palatasynyň Hemişelik geňeşiniň başlygy boldy.


Öň Tonga Patyşalygynyň Premýer-ministri Siaosi Sowaleni parlamentde özüne ynam etmezlik wotumynyň girizilmegi barada ses berlişige garaşman, iş başyndan gitdi.


Tonga Patyşalygy Ýuwaş ummanyň günorta-günbataryndaky ilaty 106,8 müň adam (2022-nji ýyldaky ýagdaýa görä) bolan ada-döwletdir. Patyşalygyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurtda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlylyklary Parlamentiň öňünde jogapkär bolan Ministrler Kabinetine degişlidir.


Ministrleri Patyşa Premýer-ministriň teklibi bilen belleýär. Döwlet Baştutany olary parlamentiň, Premýer-ministriň teklibi ýa-da öz başlangyjy bilen işden aýryp bilýär.