Turkmenportal logo
23.12.24
2529625296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Rus öýünde goşmaça bilim merkezi açyldy
Aşgabatdaky Rus öýünde goşmaça bilim merkezi açyldy

«Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň goldawy bilen Aşgabatdaky Rus öýünde goşmaça bilim merkezi açyldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.



Açylyş dabarasyna ilçi Iwan Wolynkin gatnaşdy. Ol Merkeziň ýaş myhmanlaryna şowly okuw we geljekde uly üstünlikler arzuw etdi.


Täze merkez ses we wideo materiallaryny görkezmek üçin iň täze multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.



Şeýle hem, bu ýerde mekdebi gutaran uçurymlaryň, A.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasynyň goldaw gaznasynyň hünärmenleriniň we ilçihananyň diplomatlarynyň gatnaşmagynda häzirki zaman bilimi boýunça «tegelek stol» geçirildi.