Turkmenportal logo
19.12.24
1256912569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň täze Hökümet başlygy Adylbek Kasymaliýew boldy
Surat: Ria.ru

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesine Adylbek Kasymaliýew bellendi diýip, ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.


Gyrgyzystanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamalary bilen bilen Daniyar Amangeldiýew Ministrler Kabinetiniň başlygynyň birinji orunbasary, Bakyt Sydykow ykdysadyýet we işewürlik ministri wezipesine bellendi.


Hepdäniň duşenbe güni Akylbek Žaparowyň başga işe geçmegi sebäpli, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesinden gidýändigi belli boldy.