Turkmenportal logo
18.12.24
1358613586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Täze ýyl kabul edişligini gurady

13-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň DIM-iniň hem-de diplomatik korpusyň wekilleri üçin däbe öwrülen Täze ýylyň öňüsyrasyndaky kabul edişligini geçirdi.



Ilçihananyň resmi saýtynda habar berlişine görä, myhmanlary girelgede Aýazbaba we Garpamyk garşy aldy.



Ilçi Iwan Wolynkin gutlag sözünde ýygnananlara geljek 2025-nji ýylda saglyk we üstünlik arzuw etdi.



Ilçihananyň hory myhmanlar üçin çykyşlary ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda türkmen dilindäki çykyşlar hem bar.



Hytaýyň ilçihanasynyň topary tarapyndan meşhur «Moskwa gijeleri» aýdymynyň rus we hytaý dillerinde ýerine ýetirilmegi özboluşly aýdym-saz sowgady boldy diýlip, çeşmede bellenilýär.