Turkmenportal logo
12.12.24
2577825778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlady

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Gutlag hatynda Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:


"Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde ägirt uly ornunyň bardygyna berk ynanýarys.



Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.



Siziň Alyhezretiňize, çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!" diýip ýazýar.