Turkmenportal logo
11.12.24
3052130521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat we Balkanabat Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ilkinji ýarym finalynyň oýunlaryny kabul eder

12 we 13-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ilkinji ýarym finalynyň oýunlary geçiriler – diýip, TFF-sy habar berýär.


12-nji dekabrda, penşenbe güni, «Nebitçi» Balkanabatda öz meýdançasynda «Arkadag» toparyny kabul eder. Oýnuň başlanýan wagty – ýerli wagt bilen 14:00-da. Ertesi güni, 13-nji dekabrda Aşgabatda «Ahal» topary «Altyn Asyr» bilen duşuşar, oýun «Nusaý» stadionynda 15:00-da başlar.


Jogap oýunlary takmynan bir hepdeden soň 20-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Arkadag» toparydyr.


Türkmenistanyň Kubogy. Ýarym final. Ilkinji oýunlar:


  • 12-nji dekabr, 14:00, «Nebitçi» – «Arkadag»
  • 13-nji dekabr, 15:00, «Ahal» – «Altyn Asyr»