Turkmenportal logo
02.12.24
3360533605
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet bilim edaralarynda okaýanlary umumy ýaşaýyş jaýlary we internat ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün etmegiň tertibi tassyklandy

Döwlet bilim edaralarynda okaýanlary umumy ýaşaýyş jaýlaryndan we internatlardan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda 1835 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we ministrligiň web-saýtynda ýerleşdirildi.


2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda, döwlet bilim edaralarynda okaýanlary umumy ýaşaýyş jaýlaryndan we internatlardan ýaşaýyş ýerleri bilen üpjün etmegi düzgünleşdirmek maksady bilen bu resminama Türkmenistanyň bilim ministriniň şu ýylyň 24-nji oktýabrynda çykaran 340 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy. Resminama 5 bapdan, 6 goşundydan ybarat.


Resminama bilen dolulygyna şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz!