Turkmenportal logo
21.11.24
1670616706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp türk asylly lukmany ýokary döwlet wezipesine hödürledi
Surat: Report.az

ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Tramp türk asylly amerikan lukmany we telealypbaryjy Mehmet Özi «Medicare» we «Medicaid» hyzmatlar merkeziniň başlygy wezipesine hödürledi diýip, «Report» ýazýar.


Tramp özüniň sosial sahypasynda: «Men doktor Özi tanaýaryn we onuň Amerikada her bir adamyň oňat lukmançylyk hyzmatyny almagy üçin göreşjekdigine ynanýaryn» diýip, Tramp ýazdy.


Mehmet Öz kardihirurg we telealypbaryjydyr. Öz Trampyň goldamagynda 2022-nji ýylda Pensilwaniýa ştatyndan Senata saýlanmaga dalaş etdi, emma onuň synanyşygy şowsuz boldy diýlip, habarda bellenýär.