Turkmenportal logo
07.11.24
1713017130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak we olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 6-njy noýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.


«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda kabul edilen Perman bilen:


Daýanç Jumageldiýewiç Owwadow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenip, Lebap welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;


Gurbanguly Akmyradowiç Akmyradow Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, Balkan welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;


Aýly Gurbanmuhammedowiç Meretnyýazow Lebap welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;


Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy;


Seýitjan Pirkulyýewiç Ýaňybaýew Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenip, Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy;


Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenip, Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;


Remezan Hojamuradowiç Hanow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy;


Hurma Gündogdy gyzy Hallyýewa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi;


Hijran Togtamyradowiç Şükürow Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.