Turkmenportal logo
04.11.24
2182821828
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda 900-den gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar
Özbegistanda 900-den gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar Surat: tutu.ru

Häzirki wagtda Özbegistanda 900-den gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar. Munuň özi iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.


Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanlylaryň sany 904-e deň bolup, Türkmenistan bu ugurda ilkinji üçlüge girýär. Sanawyň deslapky iki orny bolsa Hindistana (5 müň 733 sany) we Pakistana (1 müň 358 sany) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Russiýa Federasiýasynyň (750 sany) hem-de Gazagystanyň (537 sany) ady bar.


«Häzirki wagtda Özbegistanda ýokary bilim alýan daşary ýurtlularyň sany 10,8 müňe deňdir» diýlip, çeşmede bellenilýär.