Turkmenportal logo
29.10.24
1395113951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi
Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdiSurat: report.az

Özbegistanda geçen ýekşenbede bolan Parlament saýlawlaryna gatnaşyk 74,72 göterime deň boldy diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew metbugat ýygnagynda habar berdi. Bu barada «Report» ýazýar.


Habarda Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň deslapky sanalyşyk netijesinde sesleriň 34,75 göterimini alandygy aýdylýar, netijede, partiýa kanunçykaryjy palatada deputat mandatlarynyň 26-syny gazandy.


Ondan soňra 18,82 göterim (Aşaky palatada 14 deputat) bilen «Milliý tiklanyş» demokratik partiýasy, 17,11 göterim (13 deputat) bilen Halk-demokratik partiýa, «Adolat» sosial-demokratik partiýasy (16,20 göterim ýa-da 12 deputat orny) we Ekologiýa partiýasy (13,12 göterim ýa-da 10 deputat) ýerleşdi.


Parlament saýlawlaryna 15 milliondan gowrak adam ýa-da 20 million saýlawçynyň 74 göterimi gatnaşdy.