Turkmenportal logo
12.10.24
1468514685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Erkek kişi öýünden çykman, Eweresti boýun egdirdi
Surat: gazeta.ru

ABŞ-da Şon Grizli atly erkek kişi öýünden daş çykman, Ewerest dagyna «mündi» hem-de rekord goýdy. Ol munuň üçin gerek bolan aralygy basgançakda ýöräp geçdi. Bu barada UPI habarlar neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Las-Wegas şäherinde ýaşaýan Grizli Ewerest dagyna çalt münmek we düşmek boýunça 22 sagat 57 minutlap öz öýüniň basgançaklaryndan ýöredi. Ol şeýdip 8800 metri geçdi, bu bolsa Ewerest dagynyň beýikligine barabardyr.


Özüniň rekordyny erkek kişi sosial ulgamdaky sahypasynda göni ýaýlymda görkezdi.