Turkmenportal logo
10.10.24
1844918449
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi HHR-na wiza çakylyklaryny resmileşdirip başlady

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk paýdarlar jemgyýeti (TULM) iri hytaý kärhanalary bilen ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap Türkmenistanyň ulag-logistika merkeziniň Hytaý Halk Respublikasyndaky wekilhanasy halkara ýüklerini daşamak bilen meşgullanýan sürüjiler üçin HHR-na wiza çakylyklaryny resmileşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirip başlady.


Goşmaça maglumatlary almak we wiza çakylyklaryny resmileşdirmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz:


Telefonlar: +993 12 286030, +993 12 285383


Elektron poçta: mailto:china@tulm.tm, international@tulm.


Bu täze hyzmat iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşup, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky halkara ulag gatnawlaryny guramak işini ýönekeýleşdirmelidir.