Turkmenportal logo
09.10.24
95559555
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjana syýahat eden Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 30 göterim artdy

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Azerbaýjana syýahat eden Türkmenistanyň raýatlarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim köpeldi. Bu barada Azerbaýjanyň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginiň maglumatyna esaslanyp, «Trend» ýazýar.


Hasabat döwründe 24 müň 66 sany türkmenistanly jahankeşde Azerbaýjana barypdyr. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 18 müň 494-e deň bolupdy.