Turkmenportal logo
07.10.24
1812118121
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

Wladimir Baýramowyň türgenleşdirýän «Arkadag» futbol kluby bassry ikinji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy.


Şu gün Arkadag şäheriniň adybir topary Balkanabadyň «Nebitçisini» 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, «Arkadag» kluby «Ahal» bilen aratapawudy 23 utuga ýetirip, wagtyndan öň çempionlygyny kepillendirdi.


2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby özüniň ilkinji möwsüminde Türkmenstanyň çempiony bolmagy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdy. Şonuň üçin hem, bu topar Aziýa yklymynyň klublarynyň arasydaky üçünji derejeli ýaryşa — AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.


Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynda Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary bilen güýç synanyşar. «Arkadag» bu ýaryşdaky debýut oýnuny 26-njy oktýabrda Maldiw adalarynyň «Maziýa» toparyna garşy geçirer.


Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, «Arkadag» kluby toparçalaýyn tapgyrda üç duşuşyk geçirer: 26-njy oktýabrda «Maziýa» FK, 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» we 1-nji noýabrda «Al-Arabi» bilen. Ähli oýunlar Kuweýtde bolup geçer.