Turkmenportal logo
07.10.24
1520215202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
Surat: kremlin.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


– Biz Türkmenistanda döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys – diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.


Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Russiýanyň ähli halkynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Şeýle-de okaň: