Turkmenportal logo
20.09.24
1631316313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Petronas Türkmenistanda nebit we gaz pudagynda iş orunlaryny açýar

Malaýziýanyň nebit-gaz kompaniýasy bolan Petronas, Türkmenistanda iki wezipe üçin: Gyýanly obasynyň barlaghanasynyň tehniki işgäri we Aşgabatdaky kreditor we debitor bergileri boýunça kömekçisi wezipeler boýunça işgär kabul edýändigini yglan etdi: Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" habar berýär.


Kompaniýa 2-5 ýyllyk iş tejribesi bolan we iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilýän hünärmenleri gözleýär.


Barlaghana tehniki işgäri wezipesi üçin hünär okuw mekdebiniň ýa-da tehniki kollejiň şahadatnamasy we nebit-gaz pudagynyň barlaghanasynyda iş tejribesi talap edilýär. Dalaşgär MS Office programmalary bilen işlemäni başarmaly.


Kreditor we debitor bergileri boýunça kömekçi wezipesi üçin kompaniýa buhgalterçilik we maliýe ugry boýunça şahadatnamasy hem-de degişli ugurda iş tejribesi bolan hünärmeni gözleýär. SAP we MS Office programma üpjünçiligini bilmek möhüm talap bolup durýar.


Gyzyklanýan dalaşgärler anketalary https://shorturl.at/epCP2 salgysy arkaly ýa-da Petronas-yň Aşgabatdaky ofisinden alyp bilerler.


Doldyrylan anketalary bildiriş çap edilenden soň iki hepdäniň dowamynda tabşyrmaly. Kompaniýa diňe wezipeleriň talaplaryna laýyk gelýän ökde dalaşgärleri söhbetdeşlige çagyrýar.