Turkmenportal logo
17.09.24
1088910889
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyr» möhüm duşuşyga Bagdatda taýýarlyk görýär

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň birinji tapgyryndaky duşuşygyna Yragyň Bagdat şäherinde taýýarlyk görýär. Topar 18-nji sentýabrda ýerli «Eýr Fors» topary bilen oýnaşmak üçin düýn dostlukly döwlete geldi.


«Altyn asyryň» «Eýr Fors» bilen taryhy oýny 2018-nji ýylda bolup geçipdi, şonda «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynyň finalynda oýnap, kümüş medal gazanypdy. Tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar, şu günler Bagdatda ilkinji türgenleşiklerini geçirdi. 17-nji sentýabrda tälimçi bilen bir futbolçy metbugat ýygnanyşygyna gatnaşar.


18-nji sentýabrda Bagdatdaky «Al-Madina» halkara stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlar.


«Altyn Asyryň» AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynda geljekde geçirjek duşuşyklarynyň tertibi:



2-nji tapgyr / 02.10.2024ý



Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» stadiony, Aşgabat şäheri.


Başlanjak wagty: 19:00.



3-nji tapgyr / 23.10.2024ý.


«Al-Tawun» (Saud Arabystany) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

Geçiriljek ýeri: «Patyşa Abdylla Sport siti» stadiony, Buraida şäheri.


Başlanjak wagty: 23:00.



4-nji tapgyr / 06.11.2024ý.



Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» stadiony, Aşgabat şäheri.


Başlanjak wagty: 19:00.



5-nji tapgyr / 27.11.2024ý.



Geçiriljek ýeri: «Aşgabat» stadiony, Aşgabat şäheri.


Başlanjak wagty: 19:00.



6-njy tapgyr / 04.12.2024ý.


«Al-Haldiýa» (Bahreýn) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

Geçiriljek ýeri: Bahreýn milli stadiony, Riffa şäheri.


Başlanjak wagty: 19:00.


Bellik: Ähli duşuşyklaryň başlanjak wagty Aşgabat wagty bilen görkezildi.

«Altyn asyr» möhüm duşuşyga Bagdatda taýýarlyk görýär | Turkmenportal.com