Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadaga we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Işewür açylyp ulanylmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadag işewüre şatlygymyzy paýlaşmaga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurt birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlary we kompaniýalary bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek hem-de birek-biregiň bähbidini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň okgunly häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly goşandy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýandygyny, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna hem-de Türkmenistanda döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Işewür bildirilýän ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türk hyzmatdaşlarynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn-borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda ýakynda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

