«Türkmenistan: Sport» futbolyň janköýerlerine Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görmegini dowam edýär. «Turkmentv» ýaýlymyň şu dynç günledrinde Ispaniýanyň La-Ligasyndan iki, Angliýanyň Pre,ýer-Ligasyndan hem bir duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezjekdigini habar berdi.
23-nji awgust gijesinde futbol janköýerler bu ýaýlym arkaly Ispaniýanyň çempionatyndan iki duşuşyga göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Sagat 22:00-da «Selta» bilen «Walensiýanyň», 00:30-da bolsa «Sewilýa» bilen «Wilýarrealyň» arasyndaky duşuşyklar türkmen dilindäki teswirler bilen ýetiriler.
Ýaýlymda 24-nji awgust güni 16:30-da Angliýanyň Premýer-Ligasyndan «Braýton» ― «Mançester Ýunaýted» duşuşygyny hödürlär.