Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Ethihad» futbol kluby geljegine uly ynam bildirilýän türkmenistanly ýaş futbolçylaryň ikisi bilen şertnama baglaşdy. Olar Myrat Babageldiýew (13.02.2006 ý.d.) we Muhammet Muhitdinowdyr (12.09.2006 ý.d.).

17 ýaşly Myrat Babageldiýew futbol ýoluna paýtagtyň «Ak altyn» futbol toparynda gadam goýdy. 2020-2023-nji ýyllar aralygynda bolsa ol «Ahal» toparynyň ýaşlar düzüminde çykyş etdi. Futbolçy şu ýylyň başynda «ARKADAG» toparynyň düzümine goşulypdy. Myradyň Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň kapitanydygyny habar berýäris.
Şu ýyl Aşgabat şäherindäki 49-njy orta mekdepden uçurym bolan Muhammet Muhitdinow hem futbol ýoluna «Ak altyn» toparynda gadam goýan zehinleriň biri. 2020-nji ýylda «Aşgabat» futbol toparynyň ýaşlar düzümine çagyrylan Muhammet 2021-nji ýyldan bäri «Ahal» futbol toparynyň oýunçysydy.

