«Ariston», «Grundfos», «Wilo», «Viessmann» we «Schneider» ýaly meşhur brendleriň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolan «Daluw» kompaniýasy suw üpjünçiligi, ýyladyş we elektrik üpjünçiligi ulgamlary üçin ýokary hil hem-de energiýa tygşytlylygy standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli enjamlary hödürleýär.
Kompaniýa harytlaryň gönüden-göni öndürijilerden iberilmegini üpjün edýär we ähli önümlere 1 ýyldan 5 ýyla çenli kepillik berýär.


«Daluw» kompaniýasynyň hünärmenleri müşderileriň aýratyn zerurlyklaryny göz öňünde tutup, enjamlary saýlamakda professional kömek bermäge taýýardyrlar. Hödürlenýän harytlaryň arasynda dürli maksatlar bilen ulanmak üçin niýetlenen dürli görnüşli, öndürijilikli we ululykdaky enjamlar bar.
Türkmenistanda ýokary hilli enjamlary üpjün edijileriň öňdebaryjylarynyň biri bolmak bilen, «Daluw» enjamlary saýlamak we ulanmak bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça müşderilere maslahat berýär.
«Daluw» bilen hyzmatdaşlygyň artykmaçlyklary:
- kiçi kottejden başlap, iri senagat desgasyna çenli islendik iş üçin enjam.
- öndürijiniň kepilligi bilen öňdebaryjy Ýewropa brendleriniň önümleri.
- eltip bermek, gurnamak we kepillik hyzmatyny öz içine alýan hyzmatlaryň doly toplumy.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: (+993 12) 75 43 99, (+993 64) 70 33 39;
- elektron poçta: market@daluw.biz.


Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.